Ybadatyň Allahyň dergähinde kabul bolmagynyň şerti

Başy » Yslam esaslary » Ybadat » Ybadatyň Allahyň dergähinde kabul bolmagynyň şerti

Edilen ybadatlaryň Allahyň dergähinde kabul bolmagynyň ýekeje şerti bardyr, ol hem yhlasdyr.

 Yhlas –  diňe Allahyň ryzasyny gazanmakdan başga hiç hili gaýtargyny we bähbidi maksat tutmazdan edilen hakyky ybadatdyr. Yhlas –  Allahyň razylygyny maksat edinip,  Allahyň emri bolany üçin, islendik işi ýagşy niýet, arassa ýürek bilen Kurana we Sünnete laýyklykda etmekdir.

 Eger-de dünýewi bir bähbit we peýda göz öňünde tutulyp ybadat edilse yhlas ýiter. Beýle ybadat batyldyr, ýagny ol Allahyň dergähinde kabul bolmaz.

 Gazanylan dünýewi bähbitler we peýdalar ybadatlarda esasy maksat we niýet edilmese-de, yhlasa ters gelmez, ybadatyň kabul bolmagyna hem päsgel bermez. Hatda şeýle bähbit we peýdalar dini ýaşaýşy pes bolanlary höweslendirip hyjuwlandyrýan, olaryň dini baglaryny güýçlendirýän bolsa, bulary nazarda tutmak, ýatlatmak hem jaýyzdyr. Emma şeýle-de bolsa, ybadaty diňe Allahyň ryzasyny gazanmak, diňe Onuň emri bolany üçin amal etmek şertdir. Dünýewi netijeler, bähbitler welin, höweslendiriji we hyjuwlandyryjy bir zat bolup, esasy maksada öwrülmeli däldir. 

Ybadatyň iň ýokary derejesi 

Ybadatyň iň ýokary derejesi – yhsan derejesidir. Yhsan derejesine ýeten kişi ybadat edende bütin yhlasyny ýeke-täk Allaha gönükdirmelidir. Pygamberimiz yhsan derejesini şeýle beýan edýär:

«Yhsan – Allahy görýän ýaly ybadat etmekdir. Çünki sen Ony görmeseň-de, Ol seni görýär», (Buhary, Müslim).

 Allahyň hemişe özüňi görýändigini bilip, elmydam Onuň huzuryndadygyňy duýup edilen ybadata, elbetde, Allahyň ryzasyny gazanmak we emrlerine tagat kylmak düşünjesinden başga hiç hili düşünje gatyşmaly däldir. Ynsan  ybadatyň ruhy bolan yhlasyň iň kämil görnüşine diňe şeýlelikde ýetip biler.