Ylmyhal barada

Başy » Goşmaça » Ylmyhal barada

Musulmanlar her bir meselede bilimli bolmalydyr. Yslam dini hakynda bolsa ýeterlik bilimleriniň bolmagy has-da wajypdyr. Bu hakykat Pygamberimiziň bir hadysynda: «Aýal-erkek her musulmanyň ylym öwrenmegi farzdyr» (Ibni Maje) diýilip düşündirilýär.
Inşallah, by «Ylmyhal» halkymyzy şu dünýäde we ahyretde bagta ýetirjek dinimizi öwrenmegimize, Allahyň öňündäki borçlarymyzy, maşgaladaky, jemgyýetdäki gatnaşyklarymyzy ösdürmäge, kämilleşdirmäge uly gollanma bolar.

«Ylmyhal» taýýarlanylanda şu aşakdakylara aýratyn üns berildi:
Din, mezhep, ygtykat, ybadat, haram, halal, maşgala, söwda, jemgyýetçilik durmuşy ýaly mewzuglar häzirki döwrüň meselelerini öz içine alýan görnüşde diniň asyl çeşmeleri bolan Kurany Kerime we hadyslara daýanylyp, ylmy usullara laýyklykda, giňden düşündirilip taýýarlanyldy.

«Ylmyhal» taýýarlanylanda Hanefi mezhebi esas alyndy. Käbir ýagdaýlarda bolsa, kitapda beýleki üç mezhebiň garaýşyna we häzirki döwrüň yslam alymlarynyň pikirlerine orun berildi.

 Ybadatlar düşündirilende ilki ybadatyň manysy we hikmetleri düşündirildi. Çünki, häzirki döwürde adamlar ybadatlary nähili etmelidigi däl-de, näme üçin etmelidigi barada oýlanýar. Ybadatlaryň hikmetlerine düşünmek bolsa, kişiniň Allahyň öňündäki borjuny höwes bilen amal etmegini ýeňilleşdirýär.

«Ylmyhal» taýýarlananda käbir dini adalgalar (ystylahlar) aslyna laýyk edilip alyndy. Adalgalaryň ulanylyşy sözlük bölümimizde giňden düşündirilýär. Şeýlelikde: dine düşünmek ýeňilleşdirildi, ýalňyş manylaryň döremeginden gaça duruldy, käbir ulanyşdan galyp barýan, gadym edebiýatymyzda giňden ulanylan sözler gaýtadan ulanylyşa girizildi.

   «Ylmyhalda» Kurany Kerimiň aýatlary gyzyl reňde, hadysy şerifler bolsa gök reňde berildi.  

Bu «Ylmyhaly» taýýarlamaga gatnaşanlardan we ony durmuşynda ullananlardan Allah razy bolsun.