Taharet

Başy » Yslam esaslary » Taharet » Taharet

Taharet Kurany Kerimiň Maide süresiniň 6-njy aýaty bilen farz edilipdir.

Bu aýatyň manysy şudur:  «Eý, iman edenler! Namaza durmazdan öňürti ýüzüňizi we tirsekleriňiz bilen birlikde eliňizi ýuwuň, başyňyzy mesh ediň, topuklaryňyz bilen birlikde aýaklaryňyzy hem ýuwuň»

 Taharet yslamda käbir ybadatlaryň ýerine ýetirilmegi üçin edilýän, özi hem ybadata girýän tämizlenmegiň bir görnüşidir. Taharete gözellige we tämizlige edýän hyzmaty üçin, arapça: «wuzug» ady berlipdir. Halk arasyndaky «täret» sözi bolsa arap dilindäki «taharet» sözünden gysgaldylyp alnypdyr.

 Taharet her zatdan owal bedeniň iň köp hapalanýan we mikroblaryň iň kän ýygnanýan agzalarynyň belli wagt aralygynda ýuwulmagyny göz öňünde tutýan, yslamyň emr eden iň möhüm ybadatydyr. Taharetiň maddy peýdasy bilen birlikde, magnewi peýdasy hem köpdür. Pygamber Serwerimiz Enes b. Mälik hezretlerine ýüzlenip: «Eý, ogul! Taharetiňi doly al, goý, melekler seni söýsün we ömrüň uzaldylsyn» diýipdir.

 Taharet şol bir wagtda ýüze nur, kalba huzurdyr. Kiçi günäleriň bagyşlanmagyna wesiledir. Bu barada Resuly Ekrem (s.a.w.): «Kim emr edilişi ýaly taharet kylsa, ýene emr edilişi ýaly namaz okasa, geçen ähli kiçi günäleri magfyret ediler» diýipdir. (Buhary, Ebu Dawud).

 «Bir kişi taharet kylyp ýüzüni ýuwanda, ýüzündäki agzalary bilen eden ähli günäleri, el-aýaklaryny ýuwanda bular bilen eden günäleri suw damjalary bilen akyp gider-de, ol kişi täp-tämiz bolar», (Müslim, Tirmizi). Bu sözler hem Resulullahyň aýdanlarydyr.

 Ýene bir hadysy şerifde taharetlikä dünýeden öteniň şehitlik mertebesine ýetjekdigi beýan edilýär. Şeýle hem  kyýamat-magşar gününde taharet kylnanda ýuwlan ýerleriň nur bilen lowurdap durjakdygy Muhammet ymmatyna bagyş edilen bir aýratynlykdygy nygtalýar (Müslim).