Taharet – tämizlik

Başy » Yslam esaslary » Taharet » Taharet – tämizlik

Yslam dini tämizlige uly ähmiýet berýär. Yslam Allah Tagalanyň huzurynda sežde eden mahalyň bedeniň, eşigiň, namaz okaljak ýeriň we kalbyň arassa bolmagyny emr edipdir. Kurany Kerimiň hem görkezmesi şeýledir. Onda tämizligi saklaýanlar öwülýär. Olaryň Allahyň söýgüsine mynasypdygy aýdylýar. Allah Tagala şeýle diýýär:

«Şübhesiz, Allah köp toba edenleri we tämizlenenleri söýer». (Bakara, 222).

  Bedeniň daş tämizligindenem beter, kalbyň arassalygy, niýetiň düzüwligi möhümdir. Sebäbi, «daşy jäjek, iç möjegiň» iman gözelligine ýetmegi mümkin däldir. Allah Tagala ýalkananlaryň ilkinji sypatynyň tämizlikdigini şeýle düşündirýär:

«Gowy tämizlenen we Rabbiniň adyny zikr edip, namaz okan kişi şübhesiz myradyna ýeter» (A’la, 14-15).

 Hezreti Muhammet (s.a.w) hem tämizlige köp ähmiýet beripdir:

«Tämizlik imanyň ýarydyr, (Müslim, Ahmet b. Hanbel, «Müsnet»).

«Allah tämizdir, tämizligi söýer», (Tirmizi).

 Musulmanyň kalbydyr beden tämizligi bütewi bolmalydyr. Bularyň ikisi hem tämiz saklanan ýagdaýynda, ol kämilleşip biler. Taharetiň, ýagny, tämizligiň iki görnüşi bar:

           1. Nejasetden taharet.

           2. Hadesden taharet.