Sargylaryň üstünden mesh etmek

Başy » Yslam esaslary » Taharet » Sargylaryň üstünden mesh etmek

Döwlen ýa-da ýaralanan bir agza öl degirmek zyýanly bolan ýagdaýynda, taharet we gusul alynjak wagty bularyň üstündäki sargylara mesh etmek ýeterlikdir. Ýüzüne derman çalnan ýaralar üçin hem şol bir hökümdir.

 Sargyny doly mesh etmek hökman däldir. Ýara bitýänçä, sargy her taharetde mesh edilmelidir. Sargynyň taharetli wagtyň saralmagy hökman däldir. Heniz bitmedik ýaradaky sargy öz-özünden  gaçsa ýa-da üýtgedilse, taharet bozulmaz. Sargynyň üstünden mesh etmek möhleti ýara gutulýança dowam edýär.