Istinja we istibra
Istinja
Istinja – hapadan tämizlenmek islemek diýmekdir. Dini taýdan kiçi we uly hajaty edeniňden soň, owrat ýerleriňi tämizlemek diýmekdir. Bu tämizlik müekked sünnetdir.
Istinja suw bilen kylnyşy ýaly, suw bolmadyk ýagdaýda ownuk daş ýa-da kesek, ýörite edilen nem sorýan kagyzlar bilen edilip bilner. Ýöne süňk, aýna, ýazgyly kagyz, ýüpek ýaly gymmat bahaly mata bölekleri we Zemzem suwy bilen istinja kylmak mekruhdyr. Mundan başga-da, ýazmak üçin ulanylýan arassa kagyzyň hem gadyryny gaçyrmazlyk dogrudyr. Çünki isrip – haramdyr.
Istinja kylmakda iň laýygy ilki kesek, daş ýa-da hajathana kagyzy bilen süpürinip, suw bilen ýuwunanyňdan soň, mata ýa-da hajathana kagyzy bilen gurunmakdyr.
Istibra
Buşugandan soň, erkek kişiniň peşew damjalarynyň doly kesilmegine garaşmagyna istibra diýilýär. Muny etmek wajypdyr. Istibra, esasan, hajathanadan çykylmanka edilmeli.
Istibra etmegiň – peşew damjalaryny doly kesmegiň dürli ýollary bardyr. Peşew damjalary käbir adamlarda çalt, käbirlerinde uzak wagtdan soň kesilýär. Her kes öz ýagdaýyna görä, taharet almazyndan öň, peşew damjalarynyň kesilmegine garaşmaly, üsgürmeli, hajathanadan çykanyňdan soň, derrew taharet kylman, biraz ýörmeli, hereket etmeli, soňra taharet kylmalydyr.
Istibra etmek taharetiň syhhatyna päsgel bermezlik üçindir. Eger-de buşuganyňdan soň, derrew taharet kylynsa, peşewiň damanyndan ýa-da dammanyndan habaryň bolmasa-da, taharet bozular. Okalan namaz hem sahyh bolmaz. Şonuň üçin istibra meselesine gaty jür bolmalydyr. Ýöne bu meselede öte was-waslyk hem dogry däldir.
Pygamberimiz bir hadysy şerifinde: «Peşewden seresap boluň, çünki gabyr azabynyň köpüsi şol sebäplidir» diýmek bilen, buşuganyňdan soňky istibranyň ähmiýetini nygtapdyr.
Istinjanyň we istibranyň düzgüni
Şeýle hem «Bismillah» diýip, şu dogany:
«Allahumme inniý e’uzü bike minel hubsi wel habais» (Buhary, Müslim) okamak mustahapdyr.
Manysy: Allahym, hapysa şeýtanlardan Saňa sygynýaryn.
Hajathana sol aýagyň bilen girip, sag aýagyň bilen çykylýar.
Ymam Şafyga we Mälige görä, ýapyk jaýyň içindäki hajathanalarda kybla bakyp oturmagyň zyýany ýokdur.
Hajathanada zerurlyk bolmasa gürlemeli däl, zikir edilmeýär, salam bermek hem, almak hem bolmaýar.
Hajathanada tüýkürmek, sümgürmek, hapa galdyrmak biedeplikdir.
Hajathanada nejasete hem owrat ýeriňe bakmaly däldir. Bu gözüň nuruny alar. Hajathanadan çykanyňda:
«Elhamdulillähillezi ezhebe annil-eza we afaniý» diýmelidir.
Manysy: Menden yzany gidirip, maňa afiýet ihsan eden Allaha hamd bolsun.
Istanja edip bilmezlik derejede ýarawsyz bolan kişi, ýanýoldaşy ýa-da mähremi bolmasa ýagdaýyna görä bolar.