Juma namazy

Başy » Yslam esaslary » Namaz » Juma namazy

 

Juma gününiň fazyleti

 

Allah Tagala Jebrail ýaly käbir perişdeleri öz jynsynyň baştutany, pygamberleri ynsanlaryň serweri, Resuly Ekremi älemleriň buýsanç nusgasy, Mekgäni iň mübärek bir ýer edişi ýaly, käbir aý we günleri hem beýleki wagtlardan tapawutlandyryp şereflendiripdir. Meselem, remezany iň bereketli aý, gadyr gijesini iň sahawatly gije hökmünde mü’minlere bagş edipdir. Edil şonuň ýaly juma gününi hem iň şerefli gün hökmünde musulmanlara bagyşlapdyr. Ebu Hureýreden rowaýat edilen bir hadysda Pygamberimiz: «Günleriň iň haýyrlysy juma günüdir. Adam şol gün ýaradyldy, şol gün jennete goýberildi, şol gün jennetden çykaryldy, kyýamat hem juma güni gopar» diýipdir, (Müslim, Tirmizi).

 Ýene Ebu Hureýreden rowaýat edilen bir hadysda Pygamberimiz: «Gün juma gününden has haýyrly bir günde dogup ýaşmandyr. Juma gününde şeýle bir sagat bardyr ki, bir musulman Allahdan haýyrly bir zat dilände, şol wagta laýyk gelse, dilegi hökman kabul bolar. Bir erbetlikden hem Allaha sygynsa, Allah ony şol beladan gorar» buýrupdyr, (Müslim, Bagawi, «Şerhus-sünne»).

 

Gadyr gijesiniň haýsy gündügi anyk belli däldigi sebäpli, musulman tutuş remezan aýynyň her gijesini gadyr saýyp, ybadat bilen geçirmäge çalyşýar. Edil şonuň ýaly, juma gününde-de dogalaryň kabul edilýän wagty bolan «sagaty ijabet» anyk belli edilmändir. Şonuň üçin gadyr gijesi ýaly, juma gününiň dowamynda sagaty ijabäniň wagty barada ihtilaf edilipdir. Käbirleri Gün dogmazynyň öň ýany, käbirleri azan wagty, käbirleri ymam hutbä başlanda, käbirleri namaz okalanda, käbirleri ikindiniň soňky wagty diýipdirler. Pygambermiziň hadyslarynda şol wagta yşaratlar edilipdir. Pygamberimiz bir hadysynda: «Dogalaryň kabul ediljegine tama edilýän wagty ikindi bilen Günüň ýaşýan wagty aralygyndan gözläň» buýurýar, (Bagawi, «Şerhus-sünne»).

 

Abdullah b. Omardan rowaýat edilen başga bir hadysda bolsa, Pygamberimiz şeýle buýurýar: «Dogalaryň kabul ediljegine tama edilýän wagt hatip hutbä çykyp oturan wagtyndan başlap, juma namazynyň okalyp gutarylýança aralykdadyr», (Müslim).

 

Selmany Farisi   Pygamberimizden şeýle rowaýat buýurýar:

«Juma güni her kim ýuwnup, güýjüniň ýetdiginden arassalanyp, ýakymly ysly atyrlar sepinip, hiç kimiň göwnüni ynjytman öýünden çykyp juma namazyna gelse, soňra farz bolan namazyny okap, ymam gürlemäge başlanda sesini çykarman diňlese, şol juma bilen beýleki juma günüň aralygyndaky günäleri bagyşlanar», (Buhary).

 

Juma güni «Seýýidül-eýýam» ýagny, günleriň seýidi bolup, musulmanlaryň baýramy bolşy ýaly, şol bir wagtda melekleriň hem baýramydyr. Melekler şol gün ýer ýüzüne inýärler. Müm’inleriň dogalaryna we zikirlerine goşulanlar juma namazyna ir gelmegiň fazyleti baradaky bir hadysda bu mesle şeýle düşündirilýär: «Juma güni bolanda her mesjidiň gapysynda perişdeler bolýar. Ilki gelenleri ýazýarlar. Ymam hutbe okamak üçin mümbere çykyp oturanda ýazmalaryny goýup, hutbäni diňleýärler. Melekler depderlerinde sogap taýyndan ilki gelene – Allah üçin bir düýe, ondan soň gelene – bir sygyr, ondan soň gelene – bir goç  gurban eden ýaly, ondan soň gelene – towuk öldüren ýaly, has soň gelene – bir ýumurtga sadaka beren ýaly sogap ýazýarlar», (Buhary, Müslim, Nesaýy).

 

Ýene bir hadysda: «Juma güni ýuwnup, mesjide ulagly däl-de pyýada ilki gelip, ymama ýakyn oturyp, hutbäni diňlän we boş gürrüň etmekden saklanan kişä her ädimine bir ýyl gijesine kyýamda ybadat edip, gündizlerini orazaly geçiren ýaly sogap ýazylýar» buýurýar, (Bagawi, «Şerhu-sünne»).

 



 

Ilkinji juma namazy

 

Alusiniň taryhçy Ibn Sirine salgylanyp aýtmagyna görä, juma namazy bilen baglanyşykly ilkinji edilen işler şeýle bolup geçýär. Pygamberimiz (s.a.w.) Medinä hijret etmezinden öň, juma namazynyň farz edilendigini bildirýän aýat inmändi. Muňa garamazdan, medineli musulmanlar ýygnanyp şeýle karara geldiler: «Ýahudiler we hristianlar hepdäniň bir gününde ýygnanýarlar. Biz hem özümize bir gün belläp, şol gün ýygnanalyň we Allaha köplük bolup şükür edeliň. Şenbe ýewreýleriň güni, ýekşenbe hristianlaryňky, arube güni bolsa biziň ýygnanjak günümiz bolsun». Medineliler juma gününe owal «arube» diýýärdiler.

 

Medineli musulmanlar gelnen bu karardan soň, Es’ad Ibni Zuraräniň öýünde ýygnandylar. Es’ad ýygnanan jemagata iki rekagat namaz okatdy we yzyndan wagyz etdi. Ýygnanyşylan şol güne-de «juma» adyny berdiler. Es’ad jumadan soň, bir goýun öldürip, ýygnananlara zyýapat berdi. Günorta we agşam naharyny şol ýerde bilelikde edindiler.

 

Yslam taryhynda okalan bu ilkinji juma namazynda kyrk kişiniň bolandygy, Beýhakiniň gürrüň beren şu rowaýatyna daýanýar:

«Abdurrahman b. Ka’b şeýle aýdýar: «Her jumada azan aýdylanda, kakam Es’ad b. Zurarä rahmet dileg ederdi. Oňa: «Kaka jan, juma azanyny eşideniňden näme üçin Es’ad üçin istigfar dileýärsiň?» diýip soradym. Ol şu jogaby berdi: «Beni Beýaza düzlüginde Nakiul hadamat diýilýän ýerde bize ilkinji gezek juma namazyny okadan oldur».

 – Şol wagt näçe kişidiňiz? – diýip soradym.

 – Kyrk kişidik – diýip jogap berdi, (Beýhaki «Sünen»).

 

Juma namazynyň haçan farz bolandygy barada anyk kesgitli bir maglumat ýokdur. Alymlar bu meselede ihtilaf edipdirler. Alusiniň aýtmagyna görä, taharetde bolşy ýaly, juma namazy ilki farz edilip, soň bu barada aýat inýär. Taharetiň farz edilmegi hem şeýledir, (Alusi, «Ruhul ma’ani»).

 

Alusiniň beýan edişi ýaly, juma Mekgede farz edilipdir. Ýöne degişli aýat Medinede inipdir. Bu pikir has göwne makuldyr. Çünki, juma namazy farz bolmasa, ýa-da şeýle namaz bilinmese, muny ne-hä medineli musulmanlar özbaşlaryna gürleşip okardylar, ne-de Pygamberimiz Mus’ab b. Umeýri juma okatmak üçin Medinä ibererdi. Şeýle hem hijretiň ilkinji hepdesinde Pygamberimiz ýolagçy halyna bu namazy okamazdy. Bu namaz üçin görkezilen bu ihtimamlar (ähmiýet bermek, aladalanmak) onuň hijretden öň Mekgede farz edilendigini, ýöne şol ýerde eda etmäge mümkinçiligiň bolmandygyny, şert dörän ýagdaýynda derrew okalandygyny görkezýär. Bu onuň farz bolandygynyň delilidir. Farz bolmasa oňa şeýle ähmiýet berilmezdi.

 

Medineli musulmanlara ilkinji juma namazyny okadanyň Es’ad b. Zurare ýa-da Mus’ab Ibni Umeýr bolandygy barada hem alymlar ihtilaf edipdirler. Bu barada aýdylan rowaýatlar jemlenende şu netije çykýar:

 

Es’ad Ibni Zurare Pygamberimiziň emr we rugsady bolmazdan ilkinji juma namazyny okadandyr. Mus’ab Ibni Umeýr bolsa, medineli musulmanlara Kurany öwretmek üçin Pygamberimiziň iberen – ilkinji hijret eden kişi bolup, Onuň emri bilen ilkinji juma namazyny okadan kişidir.

 

Ýa-da şeýle aýtmak mümkindir:

 

Mus’ab b. Umeýr Medinäniň merkezinde ilkinji juma namazyny okadan kişidir. Es’ad b. Zurare bolsa Medineden 1 mil uzaklykdaky Beni Beýaza obasynda ilkinji juma namazyny okadan kişidir, (Ibnül Humam, «Fethül Kadyr»; Ibni Hajer, «Fethul Bari»).

 



 

Juma aýatynyň inmegi

 

Ýokarda hem belleýşimiz ýaly, juma namazynyň farz edilendigini bildiren aýat Medinede inipdir. Buhary  we Müslimde beýan edilişine görä, aýatyň iniş sebäbi şeýle bolupdyr:

 

Jabir b. Abdillah şeýle gürrüň berýär: «Hezreti Pygamber juma güni hutbe okaýardy. Şamdan bir söwda kerweni gelipdi. Şol sebäpli jemagat mesjitden çykyp şol ýere gitdi. Mesjitde on iki adam galypdy. Şol wagt jumanyň farz edilendigini aýdýan aýat indi: 

«Eý, iman edenler! Juma güni namaza çagyrylan wagtyňyz, ýagny, azan aýdylanda Allahy zikir etmäge howlugyň. Alyş-çalşy taşlaň. Eger bilseňiz, bu siziň üçin has haýyrlydyr. Namaz okalandan soň, ýer ýüzüne ýaýrap Allahyň fazly-keriminden ryzkyňyzy isläň, Allahy köp-köp zikir ediň ki, halas bolarsyňyz», (Juma, 9-10).

 

Bu aýata görä, her bir musulman juma güni juma azanyny eşidenden soň, edýän işini goýup, hökman mesjide gitmelidir. Çünki, juma azany aýdylandan soň edilen söwda, görlen peýda haram saýylypdyr. Bu ýagdaý juma namazy gutarýança dowam edýär.

 



 

Pygamberimiziň okadan ilkinji juma namazy

 

Siýer we taryhçylaryň aýtmagyna görä, Pygamberimiz (s.a.w.) Medinä hijret edende, ilki Kuba gelýär. Rebigul Ewwel aýynyň on ikisine, duşenbe güni guşluk wagty Kuba teşrif eden Pygamberimiz bu ýerde Amr b. Awf ogullarynda myhman bolýar. Pygamberimiziň Kubada düşlän bu güni has soň, hezreti Omaryň halyflyk döwründe hijri ýylynyň başlangyjy hökmünde kabul edilýär.

 

Juma gününe çenli Kubada dynç alan Pygamberimiz yslam taryhyndaky ilkinji mesjidiň düýbüni tutýar. Juma güni ashaby bilen birlikde Medinä tarap ýola düşýär. Salim b. Awf ogullaryna degişli Ranuna jülgesine gelende öýle wagty giripdi. Pygamberimiziň emri bilen bu taýda mynasyp bir ýeri mesjit edindiler. Pygamberimiz hem olara juma namazyny okatdy.  Pygamberimiziň ilkinji okadan juma namazy şu namazdyr. Pygamberimiz ilkinji hutbesinde bolsa, şulary aýdypdyr:  «Allaha hamd bolsun. Ony öwýärin, Ondan ýardam, magfiret we hidaýet dileýärin. Allaha iman edýärin. Ony inkär etmerin. Oňa küfür edene duşmandyryn. Şaýatlyk edýärin, Allahdan başga ilah ýokdur. Ýeke-täk taňry Allahdyr. Onuň şärigi ýokdur. Şaýatlyk edýärin, Muhammet Onuň guly we ilçisidir. Pygamberleriň yzynyň üzülip, wahýyň kesilen, ynsanlaryň azaşyp, zamanyň azalan, kyýamatyň ýakynlaşan döwründe Allah ony hidaýet, hak din, wagyz we hikmet bilen iberdi.

Kim Allaha we resulyna tagat kylsa, dogry ýoly tapar. Kim Allaha we resulyna isýan etse, azaşar, uly günä gazanar, dogry ýoldan daşlaşar...», (Kurtuby, «Ahkamul Kuran»).

 



 

Juma namazynyň hökümi

 

Juma namazy Kitap, Sünnet we Ijma delillerine daýanýar.

 

1. Kurany Kerimden delili:

«Eý, iman edenler! Juma güni namaza çagyrylan wagtyňyz, ýagny azan aýdylanda Allahy zikir etmäge howlugyň. Alyş-çalşy taşlaň. Eger bilseňiz, bu siziň üçin has haýyrlydyr», (Juma, 9). Bu aýatdaky «Allahyň zikiri» sözi juma namazy we hutbesi diýip tefsir edilýär.

 

2. Sünnetden delili:

Juma namazyny okamagyň şertleri, fazyleti we sebäpsiz juma namazyny okamaýanlar barada aýdylan ençeme hadyslar juma namazynyň okalmagy barada delillerdir. Biz fazyleti bilen baglanyşykly hadyslary mysal getirdik. Indi bolsa jumany sebäpsiz terk etmek barada birnäçe hadysy göreliň:

Abdullah b. Omara salgylanyp, Pygamberimiziň şu sözleri aýdandygy habar berilýär:

«Juma azanyny eşiden her kese juma namazy farzdyr», (Ebu Dawud).

Ebu Hureýre we Abdullah b. Omardan şeýle rowaýat edilýär. Pygamberimiz: «Käbir kişiler ýa juma namazyna gelerler, ýa-da Allah olaryň kalplaryny möhürlär-de, olar gafyllardan bolarlar», (Müslim).

Başga bir hadysda Pygamberimiz: «Kimde-kim  ähmiýet bermän üç gezek jumany terk etse, Allah onuň kalbyny möhürlär» buýurýar, (Tirmizi, Ebu Dawud, Ibni Maje).

 

3. Ijmadan delil:

Yslam alymlary juma namazynyň farzdygy barada bir pikirde bolup, ittifak edipdirler. Ýöne şertleri barada ihtilaflary bardyr, (Serahsi, «el-Mebsut»).

 



 

Juma namazynyň farz bolmagynyň şertleri

 

Jabir b. Abdullahyň habar beren bir hadysynda bu şertler şeýle beýan edilýär: «Allaha we ahyret gününe ynananlara juma namazy farzdyr. Ýöne ýolagça, gula, çaga, aýala we hassa farz däldir», (Ebu Dawud).

 

Juma namazynyň farz bolmagynyň şertleri şulardyr:

 

1. Erkek kişi bolmak: Juma namazy aýallara farz däldir, ýöne juma namazy üçin mesjide gelmekleri jaýyzdyr. Juma namazyny okan aýal öýle namazyny okamaz. Aýallara juma namazynyň farz däldiginiň sebäbini hanefi mujtehidleri şeýle düşündirýär «Aýal äriniň, öýüniň hyzmaty bilen meşguldyr. Şeýle hem erkek kişileriň arasyna çykmagy sebäpli her hili kynçylyk we pitne döräp biler», (Serahsi, «el-Mebsut»).

 

2. Azat bolmak: Ýesir, gul we zyndandakylar juma namazyny okap bilmezler. Olara şol gün öýle namazyny okamaklary ýeterlikdir.

 

3. Mukym bolmak: Ýolagça juma namazy farz däldir. Çünki, ýolagçy kyn şertlerdedir. Şonuň üçin ýolagça ýeňillik döredilendir.

 

4. Sagdyn-sagat bolmak: Juma namazy üçin mesjide gidip bilmejek derejede keselli we uzurly bolan kişä juma namazy farz däldir.  Şeýle hem hassa seredýän, ýöremekden galan garry, gözi kör, maýyp we howpsuzlygy üpjün edýän, postda duran esger,  polisiýa, garawul üçin juma namazy farz däldir. Bular diňe öýle namazyny okasa bolar.

 

Bulardan başga: sil, güýçli ýagyş, galyň gar ýaly hadysalar bolup, janyna, namysyna, malyna zyýan ýeter howpy dörejek bolsa, juma namazynyň borjy aýrylýar.

 



 

Juma namazynyň sahyh (dürs) bolmagynyň şertleri

 

Juma namazynyň eda edilmegi üçin şu şertler gerekdir:

 

1. Juma namazyny öýläniň wagtynda okamak.

 

2. Juma namazynyň okaljak ýeri islendik adamyň arkaýyn girip-çykyp biljek ýeri bolmalydyr.

Ýagny, döwletiň rugsadynyň bolmagy gerekdir. Juma namazynyň uly jemagat bilen okalýandygy, hutbe aýdylýandygy üçin jemgyýetiň tertip-düzgünini saklamak niýeti bilen rugsat alynmalydyr.

 

3. Jemagat sany.

Ebu Hanifä we Ymam Muhammede görä, juma namazyny okamak üçin ymamdan başga iň azy üç erkek kişi bolmalydyr. Hanefiler bu sany «Allahyň zikirine (juma namazyna) eglenmän baryň» diýen aýatdaky köplük sandan netije çykarýarlar. Ebu Ýusufa görä, iki kişi hem ýeterlikdir. Ymam Şafyga görä, bu san kyrkdyr.

 

4. Juma namazyny döwlet ýolbaşçysynyň ýa-da onuň rugsat beren wekiliniň okatmagy.

Juma namazyny okatmak üçin resmi taýdan rugsatly kişi bolmalydyr. Eger resmi rugsatly kişi bolmasa, musulmanlar hem namaz üçin ýygnanan bolsa, aralaryndan birini ymam edip namaz okap bilerler.

 

5. Juma namazynyň okaljak ýeri şäher ýa-da şäher hökmünde bolmalydyr.

«Şäher» diýilmegi üçin nähili şertleriň bolmalydygy barada müžtehidleriň arasyndaky kesgitlemelerde ihtilaf bardyr. Şafygylara görä, juma namazy halky oturymly bolan şäher ýa-da obalaryň hemmesinde okalmalydyr. Yslamyň giň ýaýramagy bilen oba ýerlerinde hem mesjitler gurlup, juma namazy okalyp başlanypdyr.

 

6. Bir şäherde birden köp ýerde juma namazynyň okalmagy.

Pygamberimiz we sahabalar döwründe juma namazy diňe şäher merkezlerinde we bir mesjitde okalandygy üçin bu meselede hem müždehitleriň arasynda dürli garaýyşlar bolupdyr. Ähli mezhepler şäherde okalýan juma namazynyň bir mesjitde okalmalydygyny öňe sürüpdirler. Häzirki döwürde ilat sanynyň köplügi sebäpli, bir ýerde, bir mesjitde juma namazyny okatmak mümkin däldir. Hanefi we beýleki mezhepler bu meselä şeýle garaýarlar:

Ebu Ýusufa görä şäheriň ortasyndan derýa geçýän bolsa, ýa-da garrylaryň juma namazynyň okalýan mesjidine gelmegi kyn bolsa, bir şäheriň iki mesjidinde juma namazy okalyp bilinýär. Ymam Agzam ilkibaşda bir mesjitde okalmalydyr diýse-de, soň birnäçe mesjitde okalyp bilner diýen karara gelipdir. Ymam Muhammet hem şäheriň birnäçe ýerinde juma namazy okalyp bilner diýen pikiri kabul edipdir.  Hanefi mezhebinde bu fetwa esas edilip alynypdyr.

Şafygylara görä, şäherde birnäçe mesjit bar hem bolsa, zerurlyk bolmasa diňe bir mesjitde juma namazy okalmalydyr. Eger zerurlyk bolmasa-da birnäçe ýerde okalsa, diňe namaza ilki başlanyň juma namazy sahyhdyr. Beýlekiler soňra öýle namazyny okamalydyr. Ýöne şäheriň gaty uly bolmagy sebäpli, juma namazy üçin ähli adamlaryň bir ýere ýygnanmagy kyn bolsa, ýa-da howpsuzlyk, saglyk we ş.m. sebäpler bilen ýygnanmak endişe döretse, şäheriň birnäçe ýerinde juma namazy okalyp bilner. Şeýle ýagdaýlarda juma namazyndan soň öýle namazyny okamak hökman däldir.

Mälikileriň garaýşy hem şafygylaryňky ýalydyr. Emma zerur sebäp bolman, ýeke mesjitde okalsa, şäheriň iň köne mesjidi saýlanmalydyr.

Hanbelilere görä hem zerur sebäp bolmasa, şäheriň bir mesjidinde juma namazy okalmalydyr. Bir mesjit ýeterlikkä, ikinji mesjitde, iki mesjit ýeterlikkä, üçünji mesjitde okalmaly däldir. Zerurlyk bolmasa-da birnäçe mesjitde juma namazy okalsa, diňe döwlet ýolbaşçysynyň ýa-da onuň wekiliniň okadan namazy dürsdür.

 

7. Namazdan öň hutbe okamak

Juma namazynyň syhhaty bilen baglanyşykly öňe sürlen şertleriň köpüsi maslahat (parahatçylygy üpjün etmek) we mefsedet (agzalalygyň öňüni almak) kadalaryna esaslanylyp öňe sürlen ižtihady kararlardyr. Meselem, uly şäherlerde okalmagy, döwlet ýolbaşçysynyň okatmagy, şäherde ýeke bir mesjitde okalmagy ýaly. Hanefileriň «Juma diňe uly şäherlerde okalýar» ýaly öňe süpen şertleri Abdurrezzakyň «Musannef» atly kitabynda rowaýat edilen mewkuf derejesindäki bir hadysa daýanýar. Şu we şuňa meňzeş höküm we şertler bilen Kuranyň umumy hökümi tahsis (çäklendirilipdir) edilipdir. Şeýle hem bu tahsis şertleri has soňky asyrlarda ýüze çykýar. Mälim bolşy ýaly, Mus’ab b. Umeýr Medinede juma namazyny okadan wagty Pygamberimiz döwlet gurup, ony Medinä wekil edip ibermändi. Şeýle hem ilkinji juma namazynyň okalan ýerlerine seredenimizde, şu günki manyda uly şäher bolmandygyna, hatda olaryň şu günki birnäçe obalardan hem kiçidigini görýäris.

Juma namazy okalyp başlanan gününden bäri iki-eke adatdan daşary ýagdaýy hasaba almasak, hemişe okalyp gelnipdir.  Häzirki döwürde yslam ülkelerinde iň az ilatly ýerlerde we iň kiçi mesjitlerde hem juma namazy okalýar.

 



 

Juma namazynyň okalyş düzgüni

 

Juma güni öýle wagtynda azan okalýar (daşky azan). Mesjide girilende, eger wagt bar bolsa, iki rekagat tahyýýatül mesjit namazy okalýar. Yzyndan jumanyň ilki dört rekagat sünneti okalýar. Bu namazlar hatyp mümbere çykýança okalmalydyr. Eger hatip mümbere çykan bolsa, ony diňlemek has laýykdyr. Soňra mesjidiň içinde içki azan okalýar. Azandan soň ymam-hatip hutbe okaýar. Hutbe gutarandan soň, mihraba geçip, jemagata jumanyň iki rekagat farzyny okadýar. Iki rekagat farzdan soň, jemagat jumanyň dört rekagat sünnetini özbaşdak okaýar. Şeýlelikde, juma namazy tamamlanýar.

 

Ýöne juma namazynyň syhhat şertleri bilen baglanyşykly ihtilafly meseleler sebäpli, käbir ýerlerde juma namazyndan soň dört rekagat zuhri ahyr, iki rekagat wagtyň soňky sünneti okalýar.

 

Esasan juma namazynyň farzyndan soň okalýan sünnet namazynyň näçe rekagatdygy barada dürli rowaýatlar we garaýyşlar bar. Ymam Agzama görä, jumanyň farzyndan soň, ýeke salam bilen dört, şafyga görä, iki salam bilen dört, Ebu Ýusuf we Ymam Muhammede görä, ilki döpt, soň ýene iki rekagat jemi alty rekagat sünnet namazy okalýar. Käbir alymlar jumanyň farzyndan soň okaljak sünnet namazyny mesjitde okalsa dört, mesjidiň daşynda bir ýerde okalsa iki rekagat okamak has laýygydyr diýipdir.

 



 

Zuhri ahyr namazy

 

Zuhri ahyr namazy soňky öýle namazy diýmekdir. Bu namaz juma namazy şäherde we ýeke-täk mesjitde okalmaly diýen bir meseledäki ihtilaf sebäpli, soňky döwür fykyh alymlarynyň ižtihady esasynda, yhtyýat hökmünde okalýar. Ýagny, zerurlyk ýok bolsa juma namazynyň bir şäherde birnäçe ýerde okalmagynyň jaýyz däldigi we şonuň üçin hem haýsy mesjitde okalan jumanyň sahyhdygy barada şübhe döreýändigi üçin, öýle namazynyň ýerine okalýan namazdyr. Bu şübheler säbäpli jumanyň fasit bolmak ähtimallygy döreýändigi üçin mükellefiň egninde öýläniň farzy bir borç hökmünde galýar. Bu borçdan gutulmak üçin yhtyýat hökmünde dört rekagat öýle namazynyň farzy okalýar. Bu namaza şeýle niýet edilýär: «Niýet etdim zuhri-ahyr namazyny okamaga», ýa-da «Niýet etdim wagtyna ýetişip, heniz boýnumdan aýrylmadyk soňky öýle namazynyň farzyny okamaga». Bu namaz öýle namazynyň farzy, ýa-da sünneti ýaly okalýar. Sünneti ýaly okamak afzaldyr. Emma häzirki zaman şäherleri we ýaşaýyş şertleri gadym döwürdäkiden tapawutlydyr. Juma namazynyň bir mesjitde okalmagy jumanyň manysyna laýyk bolsa-da, häzirki döwürde ilat sany milliondan geçýän uly şäherleriň döremegi sebäpli, bu şerti berjaý etmek mümkin däldir. Fakyhlaryň şeýle şerti öňe sürmegini öz döwri bilen baglanyşdyrmak has dogrudyr. Şonuň üçin, häzirki döwürde Ymam Muhammediň garaýşy esas alnyp, izdiham (dyknyşyk) bolsa-da-bolmasa-da şäheriň birnäçe  mesjidinde juma namazyny okamak bolar diýen karara gelmeli bolýar. Şeýle ýagdaýda, her bir mesjitde okalan juma namazy dürs bolup, jumadan soň täzeden zuhri ahyr namazyny okamak hökman däldir.  Ýöne bu ihtilafly meselede islän yhtyýaty zuhur namazyny okar, islän okamaz. Bu meseläni musulmanlaryň arasynda agzalaçylyk döredip biljek derejede ulaltmaly däldir.

 



 

Juma hutbesi

 

Juma hutbesi farzdyr. Hutbesiz juma namazy sahyh bolmaz. Juma güni iki hutbe okalýar. Birinji hutbede mü’minlere wagzy-nesihat, ikinji hutbede bolsa, ähli musulmanlara doga edilýär. Iki hutbede hem Allaha hamd-u sena we Resulyna salawat okalýar.

 

Hutbe dogalary

 

Hatip (hutbe okaýan) jumanyň sünneti okalandan soň, münbere tarap ugrap içinden şu dogany okaýar.

 

Münbere çykýarka şu dogalary okaýar.

 

Üçünji basgançakda sähel garaşyp şu dogany okaýar.

 

Ýedinji basgançakda bolsa şu dogany okap oturýar.

 

Ymam oturandan soň, müezzin içki azany okaýar. Ymam azany diňländen soň, turup birinji hutbäni okaýar.

 

Mundan soň «e’uzü besmele» aýdyp hutbe bilen baglanyşykly bir aýat we hadys okaýar we wagzy-nesihat edýär. Soňra şu dogany okap

 

«e’uzü besmele» aýdyp, ýene bir gysga aýat okap oturýar. Oturan ýerinden, içinden şu dogany okaýar.

Soňra turup ikinji hutbäni okaýar.

 

Mundan soň ýuwaş ses bilen «Allahumme salli we bärik» dogalary

 

we yzyndan şu dogalary okaýar:


 

Iň soňunda «e’uzü besmele» aýdyp şu aýaty daşyndan okap hutbäni tamamlaýar.

 



 

Juma hutbesiniň farzlary

 

1. Wagtyň girmegi. Hutbe öýle wagty girenden soň, namazdan öň okalýar.

 

2. Hutbede Allah Tagalany zikir etmek, ýa-da Oňa hamd etmek, Ony tesbih etmek... bularyň ählisi hutbe niýeti bilen amal edilmelidir.

Hutbe bilen namazyň arasyna başga zat goşulmaly däldir.

 



 

 

Juma hutbesiniň sünnetleri

 

1. Hutbäni dik durup okamak.

2. Hatibiň münbere çykanda ýüzüni žemagata tarap öwürmegi.

3. Hatibiň huzurynda azan aýdylmagy.

4. Birinji hutbäni hamd bilen başlamak.

5. Hutbäni sesli okamak.

6. Şahadat getirmek we Pygambere salawat aýtmak.

7. Musulmanlara dünýä we ahyret üçin öwüt-nesihat bermek.

8. E’uzü-besmele aýdyp, aýat okamak.

9. Hutbäni ikä bölüp, iki hutbäniň arasynda sähel salym oturmak. Bu oturyş üç aýat okaljak pursat bolmalydyr.

10. Ikinji hutbäni hem birinji hutbe ýaly hamd we salawat bilen başlamak.

11. Ikinji hutbede mü’minlere doga etmek.

12. Iki hutbäni hem uzaltman, mümkingadar gysga aýtmak. Hutbäni uzaltmak mekruhdyr. Hadysy şerifde: «Namazy uzadyp, hutbäni gysga tutmak fakyhlygyň alamatydyr. Namazy uzaldyň, hutbäni bolsa gysga aýdyň», (Ahmet b. Hanbel) diýilýär.

Pygamberimiziň okan hutbeleri hemişe gysga bolupdyr.

 



 

Juma namazy bilen baglanyşykly meseleler

 

Juma namazynyň farzy jehri okalýar. Muny hutbäni okan kişi okatmalydyr.

 

Juma namazynda ymam hutbe okamak üçin münbere çykjak wagty mesjide giren kişi oturyp garaşýar. Şoňa çenli ilkinji sünnetini okamadyk, jumanyň farzyndan soň okamalydyr.

 

Juma namazynyň sünnetine başlanyňdan soň  ymam  münbere çyksa, howlugyp, iki rekagat okap, salam berip, hutbäni diňlemeli. Eger-de iki rekagaty okanyňdan soň,  ymam münbere çyksa, onda sünneti doly tamamlamalydyr.

 

Hatip münbere çykanda jemagat gürlemän oturmaly, nafile namazy okamaly däl, hutbede Pygamberimiziň ady tutulanda salawat getirmelidir.

 

Juma namazy aýallara we mysapyrlara farz bolmasa-da, mesjide gidip okasalar, öýle namazynyň ýerini tutar. Halky musulman däl ýurtlarda hem juma namazyny okamaga rugsat edilse, şol juma namazy hem makbuldyr.

 

Juma namazyny okap bilmedikleriň, öýle namazyny jemagat bilen okamagy mekruhdyr. Şeýle hem, öýle namazyny juma namazy okalandan soň okamalydyr. Bu sünnetdir.

 

Ymama teşehhütde ýa-da sehiw sejdesinde ýetişen kişiler ymam salam berenden soň, okamadyk rekagatlaryny tamamlamalydyr.

 

Juma namazyna ýetişmek üçin teýemmüm etmek bolmaýar. Çünki, juma namazy geçirilse, ýerine öýle namazy okalýar. 

 

Namazy bozýan zatlar juma namazyny hem bozar. Şeýle hem juma namazy okalanda, öýle namazynyň wagtynyň geçmegi hem juma namazyny bozar.

 



 

Juma namazynyň adaby

 

Juma gününde musulmanlar bir ýere jemlenip, namaz okaýarlar. Biri-birleri bilen görşüp salamlaşýarlar. Juma namazynda şu edeplere üns bermeli:

 

1. Juma gününde ýagdaýy bolan ir bilen taýýarlyk görmelidir. Ýagny, gerekli tämizligi berjaý etmeli. Täze ýa-da arassa eşiklerini geýmeli, ýakymly ysly atyrlary sepinmeli. Pygamberimiz bir hadysy şerifinde: «Adamlar üç zadyň fazyletini bilsediler, olary etmek üçin ýaryşardy. Olar: azan aýtmak, birinji sapda durup namaz okamak, juma namazyna ilki bolup barmak» diýipdir.

2. Juma güni üçin gusul almak.

3. Juma güni juma namazyndan öň ýa-da juma gijesi kehf, duhan, ýasin ýa-da Kurandan başga sureleri okamak.

4. Juma güni mesjide gireniňde, hutbe okalmaýan bolsa, oturman tahyýýatül mesjit namazyny okamak.

5. Hutbäni diňlemek we öwüt-nesihat almak.

6. Hatip münberden düşüp, mihraba geçjek wagty, şol ýol üstünde oturanlaryň ýerinden turup ýol bermegi.

7. Juma güni Pygamberimize köp salawat aýtmak mustahapdyr.

8. Juma güni garyplara sadaka paýlamak hem mustahap bolup, iki esse sogaplydyr.