N.

Başy » Goşmaça » Sözlük » N.

Naýyl (na:il) – maksadyna ýeten, başaran, üstünlik gazanan;

Nazym (na:zym)– nyzam beriji, düzgüne salýan.

Nazyr (na:zyr)– 1) gözegçilik astynda saklaýan; 2) ýolbaşçy, wekil, ministr.

Nami (na:mi)– önýän, köpelýän, artýan.

Nasih (na:sih) – 1) nesihat eden; 2) hökümi ýatyran.

Nas – 1) anyk höküm, kesgitli delil; 2) anyk we kesgitli hökümleri bildirýän aýat ýa-da hadys.

Nafaka – 1) gün-güzeran aýlamak üçin ýeterlik zerur zatlar; 2) ýardam; 3) aýrylyşan aýalynyň we çagalarynyň güzerany üçin suduň karary bilen tölenmäge mejbur edilen pul, aliment;

Nafile (na:file),(nepil) – dini hökmanlyk bolmazdan, diňe fazilet we doga üçin okalýan namazlar. Bulara tatawwu' hem diýilýär.

Nebi – habarçy. Öňki geçen pygamberiň Kitaby we şerigaty bilen amal eden pygamber

Nebis (nefs) - 1) öz, jan, ruh; 2) erbet isleg, arzuw, meýl; 3) asyl, jöwher.

Nejaset – maddy görnüşdäki kir, hapa, ynsanyň, haýwanlaryň, guşlaryň bedeninden bölünip çykýan iýmit galyndylary.

Nejis – nejasetiň degen ýeri.

Nezir – bir kişiniň ybadat görnüşindäki bir zady (dini taýdan jogapkär bolmasa-da) özüne wajyp kylmagy.

Nema – 1) artmak, köpelmek, ulalmak, önmek; 2) malyň köpelýän, girdeýji getirýän bölegi.

Nes'ýe söwda – harydy öňünden alyp, puly soň bermek.

Nefsi emmare – ynsany erbetlige itekleýän nebis.

Nefsi mutmainne – Allaha ýakynlaşdyrýan iň gözel ahlak, erbetlikden daşlaşyp, rahatlyga, ýagşylyga, durnuklylyga ýeten nebis.

Nehiý – gadagan etmek, gadagan edýän emr.

Nikah – dini esaslarda durmuş gurjak aýal bilen erkegiň özara ylalaşyk akty.

Nisap – 1) bir zadyň asly, esasy; 2) çäk, yşarat; 3) mukdar, paý; 4) baýlygyň zekaty zerur edýän mukdary.

Nisbi (nisbi:)– deňeşdirmek, ölçemek.

Nisýan – unutmak.

Nifas (çile) – çaga dogran aýaldan belli günleriň dowamynda gan gelmegi.

Nuzul sebäbi – Kuranyň aýat we sureleriniň inmegine sebäp bolan waka, hadysa.

Nur – 1) ýagtylyk, yşyk, zulmatyň gapma-garşylygy; 2) ylym, durmuş, dirilik; 3) Kurany Kerim, iman, yslam, pygamber; 4) Allahyň bir ady; 5) Kurany Kerimiň bir suresi.

Nutfe – 1) dury, arassa suw; 2) meni, tohum; 3) erkek we aýala degişli tohumyň döllenen haly, düwünçek, embrion.

Nufuz (nufu:z) – 1) içine girmek; 2) bir kişiniň emriniň we höküminiň ýöremegi, sözüniň diňlenmegi.

Nübüwwet – pygamberlik