I.

Başy » Goşmaça » Sözlük » I.

Iblis - jynlardan bolup, Adam ata sežde etmänligi üçin näletlenen şeýtan

Iddet - äri ölen, talak edilen ýa-da nikah gyýylsa-da, är-aýal bolup ýaşamadyk aýalyň öňki äri bilen baglanyşygynyň doly kesilmegi üçin garaşylmaly müddet.

Ijazat (ija:zet) – 1) rugsat; 2) şahadatnama, diplom; 3) alymlyk derejesi.

Ijmagy ymmat – Pygamberimiz dün'ýeden ötenden soň, onuň ymmatyndan bolan döwürdeş müjtehidleriň dine degişli islendik meselede bir karara gelmekleri.

Ijmal – gysga, ýüzleý.

Ijtimagyýat – jemgyýetçilik durmuşy.

Ijtihad – Kurandan we hadysdan şerigatyň fer'i meselelerine degişli höküm çykarmak

Ikram – hormat goýmak, hödür-kerem etmek, bagyş; 2) Allahyň lutuf we ihsany.

Ilahiýat – dini ylymlar, teologiýa.

Illet – 1) esasy sebäp, wesile; 2) dert, kesel.

Ima (i:ma:) - üm, yşarat.

Iman – 1) ynanmak, tassyklamak, kabul etmek, teslim bolmak, boýun egmek; 2) Allah Tagalanyň pygamberleriniň üsti bilen ýetiren dinini kalp bilen tassyk edip, dil bilen ykrar etmekdir.

Imkan – 1) mümkinat, mümkin bolan; 2) mümkinçilik, oňaýly şert.

Imsak – 1) saklanmak, böwet bolmak; 2) orazada agyz beklenmeli wagt.

Irade (erade) – 1) erk, isleg, arzuw; 2) Allah Tagalanyň haýsy-da bolsa bir zadyň bolup geçmegini islemegi; 3) Allahyň subuty sypatlarynyň biri.

Irfan – 1) bilmek, aň ýetirmek, tälim we terbiýe arkaly gazanyp bolmaýan, hakykata aň ýetirmek; 2) dini hakykatlary bilmek; 3) medeniýetlilik.

Irhas (köplük sanda irhasat) – pygamber boljak şahsyň, heniz pygamber bolmanka, başyndan geçiren täsin hadysalary.

Irşad – 1) dogry ýol görkezmek; 2) akyl we kalby täsirli sözler ýa-da eserler arkaly gaflatdan oýaryp, hidaýet ýoluna çagyrmak.

Ismi Agzam – Allah Tagalanyň Kuran we hadysy şeriflerde zikr edilen atlarynyň iň beýigi.

Isra – 1) ýöretmek, göndermek; 2) gije ýörişi; 3) Pygamberimiziň mugjyzasy.

Israfil – kyýamatyň gopmagy hem-de täzeden dirilişiň bolmagy üçin sura üflejek uly melek, perişde.

Isrip (israf) – 1) mal-mülk, wagt, ömür we ş.m. ähli zady biderek harçlamak, ýaramaz ulanyp zaýalamak, erbet ýere sarp etmek; 2) zerurlykdan artyk harçlamak.

Istiwa wagty – Gün dik asmandaka herki zadyň kölegesiniň gysgalmagynyň togtaýan wagty.

Istigfar – Allahdan günäleriň bagyşlanmagyny dilemek, toba etmek, ýalbarmak, «Estagfirullah» diýmek.

Istidraç – 1) möhlet bermek; 2) dereje-dereje beýgelmek; 3) käfirdigi ýa-da fasykdygy anyk bolan kişileriň mugjyza we keramata meňzeş görkezýän adatdan daşary täsin hadysalary.

Istikamat – 1) dogrulyk, namyslylyk; 2) adalatdan we dogrulykdan çykman diniň we akylyň ýörelgeleri bilen ýöremek; 3) Allaha gulluk etmek.

Istinja (synja) – 1) pislikden, hapadan tämizlenmek; 2) kiçi we uly hajat edeniňden soň owrat ýerleriňi tämizlemek.

Istinsah – köpeltmek, göçürmek.

Istisna – 1) kadadan daşary çykmak; 2) bir işi öňünden buýurmak.

Istihaze – haýz we nifas möhletinden başga günlerde gan gelmegi. Bu hassalyk we uzurdyr.

Istihare – 1) bir zadyň haýyrlysyny dilemek; 2) mubah bolan bir işe niýetlenilende nähili hereket etmegiň dogrudygy bilinmedik ýagdaýda okalýan iki rekagat namaz.

Itikaf (i:tikaf)– 1) bir işe dowamly niýet bilen ýönelmek, baglanmak; 2) mesjitde ýa-da mesjit görnüşinde bolan bir ýerde ybadat niýeti bilen garaşmak, ýaşamak.

Ittifak – agyzbirikdirmek, ylalaşmak.

Ifrat – bir meselede çenden çykmak, öte geçmek, tefritiň gapma-garşylygy.

Iftar – 1) açmak; 2) orazanyň gadaganlyklarynyň wagtynyň gutarmagy, agyzaçar.

Iftitah tekbiri – namaza başlamak üçin getirlen tekbir.

Ihtikär – harydyň gytalyp, gymmatlamagyna garaşyp saklanmagy, bazarda harydy doly satyn alyp, ýekebazarlyk etmek.

Ihtilam - oýa ýa-da ukuda bolmagyňa garamazdan, iniň hapalanmagy