G.

Başy » Goşmaça » Sözlük » G.

Gabny fahyş – söwdada özara razyçylyga zyýan ýetirýän, däpde adaty ýagdaý saýylmaýan aldawçylyk.

Gaýyp älemi – görünmeýän älem, duýgularymyz bilen ölçenip bilinmeýän ruhlara, meleklere we jynlara mahsus bolan älem. Geçmişdäki we geljekdäki mahlukatyň magnewi durmuşlarynyň älemi.

Gaflat – 1) ünssüzlik, oýlanmazlyk; 2) Alla Tagala tagat kylmak ýaly işleri bilmän, boş zatlar bilen güýmenmek; 3) nebsiň ýesiri bolup, Allahy we Onuň emrlerini unutmak.

Gafur – ser. Gaffar.

Gaffar – günäleri örtýän, bagyşlaýan, magfireti, geçirimliligi çäksiz.

Gafyl (trm. ga:pyl) – 1) bolup geçen zatlardan habarsyz; 2) dykgatsyz, edýän işiniň ähmiýetini bilmeýän; 3) ätiýaçsyz, taýýarlyksyz; 4) Allahy unudan.

Gurban – 1) ýakynlaşmak, Allaha ýakynlaşmaga wesile bolan zat; 2) ybadat maksady bilen belli wagtda, belli şertlerde, degişli usulyna laýyklykda damagy çalnan mal.

Gusul – boý tahareti, yslamyň zerur hasaplaýan ýagdaýlarynda usulyna laýyklykda doly ýuwunmak.

Gufran – Allahyň bagyşlamagy, ýalkamagy, rahmeti.