B.

Başy » Goşmaça » Sözlük » B.

Basar – 1) öňdengörüji, görgür; 2) Allahyň subuty sypatlarynyň biri.

Batyl – 1) fasit, dogry däl; 2) şertleriniň we rükünleriniň biriniň kem edilmegi sebäpli kabul bolmadyk ybadat we muamele.

Bahyl – 1) gysganç, haýyrly işlere malyny sarp etmeýän; 2) görüp.

Bedel haj – başga biriniň ýerine haja gitmek.

Beka (beka:) – 1) soňsuz, çäksiz, müdimi, ebedi; 2) Allahyň selbi sypatlarynyň biri.

Belagat – 1) çeper söz sözlemek sungaty; 2) ýerlikli hem-de çeper söz sözlemegi öwredýän ylym.

Beragat (bera:gat) – 1) bagyşlanmak, ýalkanmak; 2) meret aýynyň 15-nji agşamy.

Bereket – bolluk, feýz, sagadat, Hakyň lutfy, yhsany, keremi.

Berzah – gabyr durmuşy, ölüm bilen başlanyp, täzeden dirilýänçä bolan aralyk.

Beşer – ynsan, adam.

Beýan – 1) düşündirýän, öwredýän; 2) belagat ylmynyň hakykat, mejaz, kinaýa, teşbih ýaly mowzuglaryny öwredýän bölümii; 3) Kurany Kerimiň bir ady.

Bid'at (bidgat) – hezreti Pygamberiň we sahabalaryň döwründe bolman, soň ýüze çykan we diniň esaslaryna ters gelýän her dürli söz, düşünje we amaldyr.

Birr – 1) tämizlik; 2) günäden saklanmak, takwalyk; 3) salyh amal, ýagşylyk.

Bulug – kämillik ýaşy. (Gyzlar 9-15, oglanlar 12-15 ýaş aralygynda bulug ýaşyna ýetip, mükellef bolýar).

Burhan – ser. aýat, mugjyza.