Ylmyhal yslam esaslary

Essalamu Aleýkum!

Rahman we Rahym bolan Allahyň ady bilen

 Hamd – öwgi Wahyd, Ehad, Hakk we Mubiýn bolan Allahadyr. Ol şeýle bir Allahdyr Onuň şärigi ýokdur. Ondan başgany inkär edýärin. Hezreti Muhammediň (s.a.w.) bolsa Onuň guly we resulydygyna, adamlaryň arasyndan saýlap-seçen habybydygyna we mahlukatyň iň haýyrlysydygyna, owal we ahyr gelenleriň iň keremlisidigine şaýatdyryn. Allahyň rahmeti we salamy, hezreti Muhammede (s.a.w.), iberilen beýleki pygamberlere, Ýýer we Gök ählinden, Allaha mukarreb (ýakyn) perişdelere we salyh gullara bolsun. (Ämin).

 Deňi-taýy bolmadyk Allah ýar we ýardamçy hökmünde ýeterlikdir. Oňa bil baglaýaryn. Ol Arşy azymyň Rabbidir. Ony tesbih we takdis edýärin. Güýç-kuwwat diňe we diňe Oňa degişlidir. Allahyň isläni bolar, islemedigi hem bolmaz. Şuny berk bil! Allah hemme zada kadyrdyr. Ol her bir zady ylmy bilen gurşandyr. Goý, keremli Allah dinimizi, dünýämizi, Watanymyzy, milletimizi, döwlet ýolbaşçymyzy, ene-atalarymyzy, çagalarymyzy, ussatlarymyzy, gyz we erkek doganlarymyzy öz penasynda aman saklasyn. (Ämin). Çünki Ol ne gözel goraýjydyr.